Sunum yükleniyor. Lütfen bekleyiniz

Sunum yükleniyor. Lütfen bekleyiniz

ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ

Benzer bir sunumlar


... konulu sunumlar: "ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ"— Sunum transkripti:

1 ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ
ÇAĞDAŞ TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI BÖLÜMÜ GÜNEY-BATI OĞUZ GRUBU TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI ANABİLİM DALI

2 2016 TÜRKMEN TÜRKÇESİ IV Dersin amacı, Türkmen Türkçesinde tasarlama kiplerini; fiilimsileri ve fiillerin görünüş kategorisini öğrenmek. Doç. Dr. Berdi Sarıyev Doç. Dr. Berdi SARIYEV

3 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Hallar özbaşdak söz topary bolup, olar köplenç gymyldy-hereketi aňladýan sözlere baglanýarlar. Netijede hereketiň ýagdaýyny, wagtyny, hilini, nirä gönükdirilendigini we ş. m. aňladýarlar.

4 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Türkmen dilindäki hallar 60-nji ýyllarda doly ylmy derňewiň obýekti boldy. Şoňa çenli hallary ýüze çykarmak, aýratyn söz topary hökmünde doly öwrenmek başa barmady. Şonuň üçin hem hallara: Hal sözleri aýratyn söz toparlarynyň şekillenmek prosesinde esasy söz topary hasaplanman, kömekçi sözler bilen birnäçe esasy söz toparlaryndan ýasalmak ýa-da şolaryň käbirleriniň nahuwy taýdan hal rolunda ulanylmak ýoly bilen, käbir söz üýtgediji goşulmalaryň owalky manylaryny ýitirip, şolar bilen ýasalan formalaryň hal şekiline öwrülmegi bilen ýüze çykýarlar‖1 diýlip baha berilmegi ýöne ýere däl.

5 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Hallaryň öwreniliş taryhyna uzak wagt geçmändir. Emma hallaryň uzak döwrüň önümidigi bellidir. Oguz -Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyň dilinde ―emti, imdi, ibdi‖ ýaly asyl hallary we –ça/-çe hal ýasaýjy goşulmanyň ulanylyşyny görkezmek bolar.

6 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Häzirki zaman türkmen dilinde duşýan asyl we ýasama hallaryň ählisi özbaşdak many aňladýarlar. Olar işliklere baglanyp, hal-ýagdaý aňladýarlar. Az mukdarda isimlere baglananda bolsa, aýyrgyçlyk hyzmatyny ýerine ýetirýärler.

7 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Hallar sözlemde nähili?, neneňsi?, nädip?, nämeçe?, näme üçin?, nirede?, haçan?, niräk? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: nähili? Suw akar hünjüleýin, Göwnüm narynjylaýyn(H.d.).Çemçeläp ýygnanyňy çanaklap dökme. (H.d.). Ol rusça gepleýär.

8 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Hallar sintaktik taýdan sözlemde işliklere ýa-da işlik şekillerinden bolan her bir sözlem agzasyna baglanyp, wagty, orny, sebäp-maksady, hal – ýagdaýy, mukdar–dereje, meňzetme-deňeşdirme ýaly dürli ahwalatlary görkezýärler.

9 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Meselem: Itler onda – munda (nirede?) ygyp ýördi (orun.) Olar dostlarça görüşdiler kimlerçe? deňeşdirme). Ogly ýüzüniň ugruna gaçyp gitdi. neneňsi? Ol gorkujygyna saňňyldaýardy.- näme üçin (sebäp-maksat). Myrat häzir turar öýtdi.- haçan? (wagt). Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör (H.d).

10 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Türkmen dilindäki hallar emele gelşi taýdan dürli-dürlidir.Olar morfologik we sintaktik ýollar bilen ýasalýarlar. Şeýlelikde hallar gurluşy taýdan bäş topara bölünýärler.

11 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 1.Asyl hallar.Türkmen dilinde hiç hili goşulma kabul etmän, düýp görnüşinde herekeiň belli bir alamatyny (ýagdaý, wagt, ugur) bildirýän sözlere asyl hallar diýilýär. Meselem: Häzir, hemişe, indi, derrew, ir, tiz,çalt, derrew, dessine, çala, giç, basym, ýaňy, ilki, ýene we ş.m. Bulara käbir işlerde ýönekeý hallar diýlip at berlen wagty hem bar. Bular san taýdan gaty azdyr. Käbir bildir (bir ýyldyr), bildirki (bir-iki ýyldyr öňki), düýn (dönen gün), ertir (erte irden) ýaly hallar asyl hallar ýaly duýulsa-da, olaryň birigün ýaly iki sözden ybatardygy mälimdir.

12 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 2.Ýasama hallar. Her hili hal ýasaýjy goşulmalaryň üsti bilen beýleki söz toparlaryndan ýa-da hallardan ýasalan hallara ýasama hallar diýilýär. Ýasama hallar hem iki hili bolýar: a)Söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan hallar. Meselem: Ol işine ýüzleý garaýar. Şonuň üçin hem arkan-ýüzin gaýyşýar. b)Ýasaýjylyk hyzmatyny ýerine ýetirýän üýtgediji goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan hallar. Meselem: Ol gündizine geler. Myrat ýüzinligine süýnüp gaýdan atdan gözüni aýyrmady.

13 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Ýasama hallar asyl hallardan köpdür. Olar dürli goşulmalaryň üsti bilen hasyl bolýarlar. Olara: -k,-yn/-in/-n, -laýyn/-leýin, -laý/-leý,-ça/-çe,-larça/-lerçe, -da/-de/-nda/-nde, -ndan/-nden/-dan/-den, -maç, -yna/-ine, -syna/-sine, -lygyna/-ligine, -a/-e, -ba/-be, -ga/-ge, -da/-de, -lakaý, -lenç goşulmalary degişlidir.

14 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 3.Goşma hallar birden artyk sözüň goşulyşyp, basym taýdan birleşip, hal-ýagdaý aňladýan sözüň hasyl edilmegidir. Meselem: Birbada, ikindinara, gijara, irsydyrgyn, birsyhly.

15 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 4.Tirkeş hallar bir sözüň gaýtalanmagy ýa-da iki sözüň tirkeşip, belli bir düşünjäni aňlatmagy bilen hal-ýagdaý aňladýan sözlerdir. Meselem: kem-kemden, onda-munda, günbe-günden, öýme-öý, ýüzläp-müňläp.

16 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 5. Düzme hallar birden artyk sözüň özara düzülip baglanyşmak bilen hal-ýagdaý aňladýan sözlerdir. Meselem: ýüzüniň ugruna, birnäçe ýyldan bäri, günlerde bir gün we ş.m.

17 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Gönükme: Doly morfologik derňew ediň. Biwagt gygyran horazy öldűrerler. Balykçyda ýarna ýok , bu gün görseň, erte ýok. Biz geỳerin, dűz gezerin. Gorkana goşa görner. Ilkim kädi, soňkym çűỳşe. Illäp-gűnläp kel gyzy äre berdiler. Ir gűlmedik giç gűlmez, giç gűlmedik hiç gűlmez. Ir öýlenen ogul-gyzyna guwanar.

18 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 1. Atlaryň we hallaryň gaýtalanmagy we tirkeşmegi bilen ýasalýar. Meselem: toplum-toplum, gapy-gapy, gysym-gysym, ogryn-ogryn, ýüzbe-ýüz, gaty-gaty, ir-ertir, oba-oba, aram-aram, daň-säher cagy, çalt-çalt, gije-gündiz, ilki-ilkiler, düýn-öňňin, erte-birigün,

19 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 2. Sypatlaryň gaýtalanmagy bilen köp sanly hallar hasyl edilýär. Meselem: kem-kemden, gowudan-gowy, berkden-berk, dopba-dogry, gönüden-göni, uzyn-uzyn, ýuwaş-ýuwaş.

20 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 3. Sanlaryň tirkeşmegi bilen köp sanly hallar hasyl edilýär. Meselem: ýüz-ýüzden, bir-birden, ýüzläp-müňläp,

21 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 4. Çalyşmalaryň tirkeşmegi, düzülmegi bilen köp sanly hallar hasyl edilýär. Meselem: onda-munda, öz-özünden,

22 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 5. kömekçi sözleriň tirkeşmegi bilen hallar hasyl bolýar. Meselem: Soň-soňlar 6. Ses we şekil aňladýan sözleriň gaýtalanmagy bilen hasyl bolan hallar. Meselem: loňk-loňk, oýpul-oýpul, pert-pert, bassyr-bassyr, hasyr-husur, şart-şurt, şatyr-şutur

23 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 7. Bölekleýin gaýtalanýan ýa-da biri özbaşdak manyly, beýlekisi many aňlatmaýan sözleriň gatnaşmagynda hasyl bolan hallar. Meselem; büs-bütin, mese-mälim, aç-açan, haýal-ýagal, belli-külli, heran-haçan, ine-gana 8. Manydaş sözleriň tirkeşmeginden ýasalan hallar. Meselem: Sag-aman, aman-esen, häli-häzir, az-kem

24 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY TIRKEŞ HALLAR Öňki işlerde bu hallar hem özbaşdak öwrenilmän, goşma-tirkeş hallar diýen umumy at bilen berilýärdi. Tirkeş hallar aşakdaky ýaly hasyl bolýarlar 9. Garşylykly manyly iki sözüň tirkeşmeginden hasyl bolan hallar. Meselem: gije-gündiz, ertir-agşam, aňry-bäri, eýläk-beýläk, iru-giç

25 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY Türkmen dilinde hallar manylaryna garap: 1.Wagt bildirýän; 2.Orun –tarap görkezýän; 3.Sebäp-maksat bildirýän; 4.Hal-ýagdaý görkezýän; 5.Mukdar-dereje aňladýan; 6.Meňzeşme-deňeşdirme bildirýän hallar ýaly toparlara bölünýär.

26 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 1.Wagt bildirýän hallar haçan?, näwagt?, haçandan?, haçana çenli? diýen soraglara jogap bolup, hallardan, atlardan, görkezme çalyşmalaryndan emele gelip, hereketiň wagt taýyndan ýüze çykan halyny aňladýarlar. Meselem: Ýylba-ýyldan meniň muflisim çykar…(Kemine).

27 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 2.Orun-tarap görkezýän hallar nirede? nirä? nireligine? diýen soraglara jogap bolmak bilen, hallaryň, görkezme çalyşmalaryndan ýasalyp, hereketiň gönükdirilen ugruny- ornuny, tarapyny aňladýar. Meselem: Serhetden aňryk aşmalydy /H.D.‖Y‖ 267 s/. Gorkusyna böküp beýläk geçdi. (şu ýerde, 50 s.).Ol onda-munda görünýär.

28 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 3.Sebäp-maksat bildirýän hallar ýüze çykýan gymyldy-hereketiň sebäbini we maksadyny aňladýar.Olar näme üçin?, näme sebäpli?, näme maksat bilen? soraglara jogap bolýarlar.Olar hallardan, atlardan, käbir beýleki söz toparlaryndan hasal bolýarlar. Meselem: Birden-ikä onuň gelýänini aňlap sazanaklamaga başlaýar. /A.G.‖K-e‖75 s/. Pökgen bu işi bize bilkastdan edýär (şol ýerde, 104 s/.

29 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 4.Hal-ýagdaý görkezýän hallar örän köpdür.Olar görkezýän hereketiň nähili, neneňsi ýagdaýda ýüze çykýandygyny görkezýär.Olar nähili?, neneňsi?, ýagdaýda?, diýen soraglara jogap bolýarlar.Olar atlardan, sypatlardan, işlikleriň gaýtalanmagy we tirkeşmeginden, hallardan emele gelýärler. Meselem:…Ýüzüniň ugruna-hany, Ýelli nirä gitdi, ol görünmeýär-le?-diýdi /A.G.‖K-e‖81 s/.

30 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 5. Mukdar-dereje aňladýan hallar, esasan sanlardan ýasalyp, näçeden?, näçeläp?, neneňsi?, neneň?, nähili derejede? diýen soraglara jogap bolup, hereketiň mukdar-ölçegini we ösüş prosesiniň mukdaryny ýüze çykarýarlar. Meselem: Biline gowanyň bagy oralan ýogyn pürs durdugyça batlanyp aýlanýardy./A.G.K.e.10 s./ Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden çatma. /

31 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar
HALLAR WE OLARYŇ LEKSIK-GRAMMATIK AÝRATYNLYKLARY 6.Meňzetme-deňeşdirme hallary kimçe?, nämeçe?, kimiňkiçe?, haýsyça? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň ikinji bir zat bilen deňeşdirilmegini ýa meňzedilmegini bildirýärler. Bu hili hallar atlardan, hallardan, çalyşmalardan hasyl bolup, bir hereketi başga bir gymyldy bilen deňeşdirýär. Meselem: Bu öňküçe bolmaly (haýsyça). Her kes özüni sençe görýär. Agramy aşykça, kölegesi köşekçe.

32 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar HALLARYŇ DEREJELERI
Hallaryň hem sypatlar ýaly, düýp, kemlik, artyklyk, söýgülik derejeleri bar.Olar hem gymyldy-hereketiň hal-ýagdaýynyň deňeşdirilmede ýüze çykarylan derejesini, ýagdaýyny kesgitleýärler. Şeýlelikde, olar gymyldy-hereketiň kemdigini, artýandygyny we beýlekileri ýüze çykarýarlar.

33 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar HALLARYŇ DEREJELERI
1.Düýp dereje hiç hili dereje ýasaýjy goşulma goşulmadyk, aýyklaýan işligiň hereketiniň aýratynlygyny bildirýän haldyr. Oňa hallaryň düýp derejesi diýilýär. Meselem: Ol düýn geldi. 2.Kemlik dereje aýyklaýan işliginiň aýratynlygynyň kemdigini bildirýär.Olara hem kemlik derejesi dýilýär.Olar hallaryň wagt, orun aňladýan sözlerine rak,-räk goşulyp ýasalýar. Meselem: Ol irräk geldi.

34 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar HALLARYŇ DEREJELERI
3. Söýgülik derejesi. Aýyklaýan işliginiň gymyldy-hereketiniň halanýandygyny ýa-da şol gymyldy-herekete sözleýjiniň garaýşyny bildirýär. Olar esasan hal-ýagdaý aňladýan hallaryň we käbir sypatlaryň soňuna ja/-je, jak/-jek, -jyk/-jik goşulmalaryny goşmak bilen hasyl bolýar. Meselem: Olar bileje geldiler. Dessinejik nahar bişireli.

35 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV Türkmen Türkçesinde zarflar HALLARYŇ DEREJELERI
4. Artyklyk derejesi. Bular hereketiň bolmalysyndan artyk ýa-da köp ýüze çykarylýandygyny aňladýar. Olar güýçlendiriji sözleriň hallary aýyklamagy arkaly ýa-da hallaryň tirkeşmegi bilen aňladylýar. Meselem: Meleguş örän tiz geldi. Garlawaç çalt-çaltdan ganat kakyp, gözden gaýyp boldy. 5. Garyşyk derejesi –rak/-räk we –jyk/-jik goşulmalarynyň bilelikde goşulmagyndan ýasalýar. Meselem: Ol häliräjik (ýaňyrajyk) gitdi.

36 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV MORFOLOGİK DERŇEW
Süzmeli tabagy ýerde goýup, Blokwiliň goňrasdan kümüş öwüsýän saçynyň üstünde durup gelen tahýany eline alanda, kalbynyň islegine görä şeýle boldumy-nämemi, Akmaralyň zenan ýüregini tolgundyrdy. Ol tolgunsa-da maksadyna ýetdi – Akmyradyň tahýasyny öz garşy bilen ölçäp, höwes eden zadynyň çakyny aldy. Ol höwes Akmaralyň kalbynda Blokwil oglanyň tahýasyny başyna geýen pursady döräpdi. Hyýalda pereňli ýesiriň kellesinde türkmen tahýasy peýda boldy. Tahýa Akmaralyň elinden, Akmaralyň iňňesinden çykandy. Atajan Tagan «Keseki» roman

37 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV MORFOLOGİK DERŇEW
Atajan Tagan «Keseki» roman Pereňli bir sagat çemesi daşaryk seredip oturdy, öýünden çykaýsa, Akmaraly synlamakçydy. Emma beýleki öýlerden girilip-çykylsa-da, Akmaral göze ilmeýärdi. Belkem, ol ile ýaýran gürrüňden soň, daş çykmaga utanýandyr? Musulman dünýäsinde şerigatyň kadalary şeýle berk tutulýarka, Akmaral beýle işe nädip baş goşup bildikä? Ölümden gorkmadymyka?

38 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IV MORFOLOGİK DERŇEW
Atajan Tagan «Keseki» roman Birinjiden-ä, Akmaralyň hamylalygy barada tüýs ynanaýmaly tutaryk tapyp, gepi ilkinji döreden Blokwili ogurlamaga gelen iki ýoldaşyň ele düşeni – Halsähet gassabyň inisi Rahymgulydy. Ol ýesiri ogurlap satmakdan geljek bähbidini köýdüreni hemem özüni masgara edeni üçin Mämmedöwez pälwandan ar almak isledi. Ol esasy ar almak diýibem Mämmedöwez pälwany Blokwile tölenjek puldan mahrum etmeklik diýip düşündi.

39 TEMEL KAYNAKLAR Azimov, P. (1969). Türkmen diliniň meseleleri. Aşgabat. Azimov, P.; Hıdırov, M. N., Sopıyev, G. (1960). Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat. Azimov, P.; Sopıyev, G. Çöňňäyev, Y. M. (1974). Türkmen dili. Aşgabat: Türkmenistan Neşiryatı. Azimov, Pıgam, (1992), Türkmen Dili, Aşgabat. Esenmedowa, A.(2010) Häzirki Zaman Türkmen Dili (Morfologiýa). Aşgabat Clark, Larry, (1998), Turkmen Reference Grammar. Çarıyarov, B., (1978), Türkmen Diliniň Orfoepik Sözlüği, Aşgabat. Hamzayev, M., (1962), Türkmen Diliniň Sözlüği, Aşgabat. Türkmen Diliniň Grammatikası, Aşgabat 2000. Tekin Talat ve başk., (1995), Türkmence-Türkçe Sözlük, Ankara. Veyisov B., Babayeva G. (2010) Türkmen dili (praktikum). Yokarı Okuv Mekdepleri Üçin Okuv Kitabı. Aşgabat. Söyegov Muratgeldi, Arnazarov Seyintanazr (2017) Örnekli Türkmence Gramer, Ankara.


"ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ" indir ppt

Benzer bir sunumlar


Google Reklamları