Sunum yükleniyor. Lütfen bekleyiniz

Sunum yükleniyor. Lütfen bekleyiniz

ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ

Benzer bir sunumlar


... konulu sunumlar: "ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ"— Sunum transkripti:

1 ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ
ÇAĞDAŞ TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI BÖLÜMÜ GÜNEY-BATI OĞUZ GRUBU TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI ANABİLİM DALI

2 Dersin amacı, Türkmen Türkçesinde sıfat yapımını öğrenmek.
3015 TÜRKMEN TÜRKÇESİ V Dersin amacı, Türkmen Türkçesinde sıfat yapımını öğrenmek. Doç. Dr. Berdi Sarıyev Doç. Dr. Berdi SARIYEV

3 TEMEL KAYNAKLAR

4 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Sypatlary gurluşy taýdan: sada sypatlara we çylşyrymly sypatlara bölmek bolýar.

5 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Zatlaryň we düşünjeleriň hil, häsiýetlerini, reňk, tagam, ýagdaý ýaly dürli aýratynlyklaryny ýeke bir söz arkaly aňladýan sözlere sada sypat diýilýär. Mysal üçin, ýiti zehin, döwük äpişge, beýik dag, akylly talyp, depegen sygyr.

6 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Sada sypatlar ýeke söz bilen aňladylýar: ownukçyl adam, gowy gyz Sada sypatlar öz düzümine görä iki topara bölünýär:

7 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY 1.Asyl sada sypat özbaşdak many aňladýan, ýasalandygy duýulmaýan, bölege bölseň manysyny ýitirýän sypatlardyr. Meselem: göni, dogry, ak, mawy, mele, uzyn, kelte, gysga, gök. Asyl sada sypatlar ýasaýjy goşulmasy bolmadyk bir sözden ybarat sypatlardyr.

8 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY 2.Ýasama sada sypat diýlip, asyl we dereje ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen dürli sözlerden ýasalan sypatlara aýdylýar: ýakymsyz habar, döwük araba, gezegen aýak, duýgur adam, çägesöw ýer, murtlak adam.

9 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Ýasama sada sypatlara dürli ýasaýjy goşulmalar bilen bir asyl sözden ybarat bolan sypatlar degişlidir. Meselem: akylly gelin, bezemen gyz, biedep okuwçy, çekinjeň çaga.

10 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Çylşyrymly sypatlary leksik-grammatik aýratynlyklary boýunça üç topara bölüp bolar. 1.Goşma sypatlar. 2.Düzme sypatlar 3.Tirkeş we gaýtalanýan sypatlar.

11 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı SYPATLARYŇ GURLUŞY
Çylşyrymly Sypatlar Düzme Tirkeş Goşma

12 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Çylşyrymly sypatlar öňki grammatikalarda (Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat, 1960, 269 s.), diňe goşma sypatlar diýlip atlandyrylypdyr. Tirkeş, düzme sypatlar hem goşma sypatlaryň arasynda berlipdir we sypatlarda goşma söz görnüşiniň hasyl bolşy hem doly aýdyňlaşdyrylmandyr.

13 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ GURLUŞY Çylşyrymly sypatlar birden artyk sözleriň getirilmegi bilen aňladylyp, sintaktik söz ýasalyş arkaly hasyl bolýar. Meselem: Iki ýüzli gama, ýeňilkelle gyz, goşa ganatly uçar, hatar-hatar öýler.

14 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı SYPATLARYŇ GURLUŞY Sypatlar türkmen dilinde ýasalyş usuly boýunça iki topara bölünýärler. 1. Morfologik ýol bilen ýasalan sypatlar 2. Sintaktik ýol bilen ýasalan sypatlar

15 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Sypatlar morfologik ýol bilen dürli asyl ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen atlardan, sypatlardan, çalyşmalardan, işliklerden we beýleki söz toparlaryndan ýasalýarlar.

16 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Morfologik ýol bilen ýasalan sypatlar goşulmalaryň haýsy söz toparyna goşulýandygyna garap: 1.Isimlerden sypat ýasalyşy 2.Işliklerden sypat ýasalyşy diýen toparlara bölünýär.

17 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Sypatlar isimlerden goşulmanyň gelip çykyşyna görä: 1.Türkmen diliniň öz goşulmalary arkaly we 2. Alynma goşulmalar arkaly ýasalýarlar.

18 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Sypatlaryň türkmen diliniň öz goşulmalary arkaly isimlerden ýasalyşy -ly/-li goşulmasy iň öndümli goşulmalaryň biridir. Bu goşulma goşulan sözüniň asyl manysyna görä, hil, häsiýet, adatdan daşary ukyp, daşky görnüşini we sypatlandyrýan sözüniň bir zada eýe bolýandygyny, oňa bir zadyň degişlidigini aňladýar. Meselem: akylly adam, dogumly ýigit, mally kişi, gumly gelin, dagly gyz, aşgabatly myhman, göçme manyly: arkaly köpek, duzly söz.

19 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY -syz/-siz goşulmasy bu goşulma asyl we ýasama atlardan, zatda bir alamatyň köpdügini ýa-da azdygyny görkezýän sypatlary ýasamaga hyzmat edýär. tagamsyz gawun, ýakymsyz habar, jansyz göwre, duzsu nahar.

20 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Bu goşulma ýokluk sypatlaryny ýasamak bilen birlikde, tersine, aýyklaýan sözüniň aňladýan aýratynlygynyň örän köpdügini hem bildirýär: sansyz goşun, taýsyz gahrymançylyk, tükeniksiz hazyna, dyngysyz gatnaw.

21 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı -çy/-çi goşulmasy
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY -çy/-çi goşulmasy Bu goşulma gylyk-häsiýet, kär hünär görkezýän sözleri ýaşaýar. Suwagçy ussa, yrymçy garry, dawaçy adam, tahýaçy gyz.

22 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY -çyl/-çil goşulmasy janly zatlaryň ukybyny, gylyk-häsiýetini bildirýän sözleri ýasaýar. köneçil, gaýgyçyl, ukyçyl, arzuwçyl, dogruçyl, gürrüňçil, süýjüçil çaga.

23 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY -lak/ -lek goşulmasy. Bu goşulmany kabul eden sözler janly zatlaryň adyny aýyklap gelýär. Aýyklaýan adynda bir aýratynlygyň artykdygyny, boldugyny, köpdügini bildirýär. tüýlek adam, saçlak çaga, zülplek gyz, gaşlak gelin.

24 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY -jaň/-jeň goşulmasy. Adamlaryň gylyk-häsiýetini, özboluşly aýratynlygyny görkezýär : işjeň ýigit, höwesjeň artist, gaharjaň gyz, namysjaň adam.

25 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Türkmen dilinde isimden sypat ýasaýjy birnäçe önümsiz goşulmalar bardyr. -mal/-mel: tanymal lukman, gönümel adam; -eňňir- işeňňir oglan; -ňur- çuňňur guýy, -mçik/--ymçyk irimçik mata, ýarymçyk iş

26 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Alynma goşulmalar bilen sypat ýasalyşy bi- bigaýrat, bimaza, bibaş, bitertip, biçäre. na-/nä- nädogry, namart, näbelli, nätanyş, näsag, nämälim, nätakyk, nämährem, namyrat bet- betgylyk, bezzat, betpäl, bedasyl.

27 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Alynma goşulmalar bilen sypat ýasalyşy -ana goşulmasy: şahyr-ana, erk-ana, türk-ana, görk-ana, nur-ana. -anda/-ende goşulmasy: sazanda, şermende, göý-ende, gez-ende. -kär, -gar, -hor, -hon goşulmasy: jogap-kär, küýze-gär, hile-gär, mugt-hor, namaz-hon, azaýym-hon, süýt-hor.

28 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Rus dilinden geçen sypatlaryň
Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Rus dilinden we onuň üsti bilen geçen sözlerden sypat ýasalyşy. Rus dilinden geçen sypatlaryň goşulmalary gysgalydyp, bir bölegi taşlanyp, alynma sypatlar emele gelýär.

29 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Rus dilinden we onuň üsti bilen geçen sözlerden sypat ýasalyşy. Genialnyý-genial, fonetiçeskiý-fonetik, sosialnoe-sosial, federatiwnyý-federatiw, molekulýarnyý-molekulýar, subýektiwnyý-sibýektiw, legendarnyý-legendar, obýektiwnyý-obýektiw, populýarnyý-populýar, deklartiwnyý-deklaratiw, tipiçnyý-tipik, konserwatiwnyý-konserwatiw, antiçnaýa-antik, komissionyý-komission, arhaiçnaýa-arhaik , telewizionnyý-telewezion, awiasionnyý-awiasion

30 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ ÝASALYŞY Rus dilinden we onuň üsti bilen geçen sözlerden sypat ýasalyşy. Ylmyň dürli ugurlaryna degişli sözlerden sypat ýasamakda «-i» goşulmasy işjeň ulanylýar.:himiki madda, teoritiki çözgüt. Şu goşulma kär-hünär bilen meşgullanýan şahsyň adyny-adamy aňladýan halkara sözleriň yzyna hökman goşulýar: teoretik alym, teoretiki çözgüt, mehanik-inžener-mehaniki hereket, himik alym-himiki dökün. Emma ýurist, lingwisit, fonetist, leksikolog ýaly kär ady başgaça aňladylýan sözlerde «-i» goşulman, diňe «-ik» arkaly sypat aňladylýar: ýuridik esas, fonetik derňew, leksikologik barlag…

31 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ İŞLİKLERDEN ÝASALYŞY -ak/-ek/-k goşulmasy: aglak çaga, depek mal, gorkak oglan, ürkek mal -yk/-ik/uk/-ük/-k goşulmasy: kesik mata, ýyrtyk köýnek, deşik bedre, bozuk oýunjak, döwük araba -gyr/-gir/gur/-gür goşulmasy: duýgur ýürek, gitgir ýorga, çagyr at, algyr laçyn, görgür göz, kesgir akyl -ma/-me goşulmasy: düzme san, gömme çörek, silkme telpek, ýasama bezeg, degişme gürrüň, sümme tokaý.

32 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ İŞLİKLERDEN ÝASALYŞY -gyn/-gin/-gun/-gün goşulmasy: azgyn ýara, bitgin ot, ergin ýag, gurgun öý, ösgün saç, gyzgyn nahar, çapgyn sowuk -jaň/-jeň goşulmasy: utanjaň, ýaranjaň, öwünjeň, çekinjeň, soranjaň, gabanjaň, sypanjaň, Hem işliklerden, hem isimlerden sypat ýasamak aýratynlygy bar. -gy/-gi goşulmasy: asylgy geýim, tikilgi köýnek, suwalgy tamdyr, gurulgy goş, tutulgy öý, serilgi eşik, çökerilgi düýe, eplengi mata, gaňtarylgy at, oýnatgy oglan, -agan/ -egen goşulmasy: depegen, gapagan, ýokaşagan, çapagan -gak/-gek goşulmasy: gaçak adam, taýgak ýer,

33 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
SYPATLARYŇ İŞLİKLERDEN ÝASALYŞY -ançak/-gançak goşulmasy: typançak, ýylmançak, taýgançak -yjy/-iji/-ujy/-üji goşulmasy: ýazgaryjy nazar, ýalbaryjy äheň, -wuk/-wük goşulmasy: ýalpyldawuk mata, şakyrdawuk kagyz, sanwrawuk ses, -arman/-ermen goşulmasy: atarman-çaparman, ölermen, edermen. Bu goşulma çylşyrymly bolup, onuň -ar/-er bölegi ortak işligiň goşulmasydyr, -man/-men bölegi bolsa şol durşuna atlara goşulyp, sypat ýasaýar: -gabakman, kirpikmen, seňrikmen, aýakman.

34 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
GÖNÜKME: Doly morfologik derňew etmeli. Barmazak «batyr», bermezek «jomart». Goç boljak guzynyň seňrigi tűňňi bolarmyş. Belent daglaryň başy garly-da bolar, garsyz-da. Ýigit başy sag bolsun, barly-da bolar barsyz-da. Osal bolsaň asarlar, ýuwaş bolsaň basarlar, ortamiýana bolsaň, il agasy ýasarlar. Alanyňa ýaman diýme, müneniňe - çaman.Ak gün agardar, gara gün garaldar. Ak girse-de, aň girmedik.

35 TÜRKMEN TÜRKÇESİ-V Türkmen Türkçesinde sıfat yapımı
GÖNÜKME: Doly morfologik derňew etmeli. Az iliň azançysy bolandan, köp iliň gazançysy bol. Az iliň danasy gepläp-gepläp däli bolar, Köp iliň dälisi gepläp-gepläp dana bolar. Binamysa her gün toý. Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyrlar dura-bara mat bolar. Pulluja oglan-ballyja oglan. Pulsuz bazara barandan köpünsiz göre giren ýagşy. Pulum-da ýok, dilim-de. Puly bardan bela-da heder eder. Bidöwletiň etegine gowurga guỳsaň, syỳy bilen sowyr. Gűỳji asgyn şelaỳyn gerek. Annaguly söwedeň, garaýagyz, burunlak, ýapy ýaly pyýada bolup ýetişdi (A. Durdyýew).

36 TEMEL KAYNAKLAR


"ANKARA ÜNİVERSİTESİ DİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİ" indir ppt

Benzer bir sunumlar


Google Reklamları